Türkmenistanyň Prezidenti Baýdeni diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Baýdeni diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Döwlet Baştutanymyz Prezident Jozef Baýdene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt hem-de abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlagyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda biziň ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we başga-da möhüm ugurlaryň köpüsinde hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtady.

Biz geljekde oňyn häsiýete eýe bolan gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmegi we berkitmegi maksat edinýäris. Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyklary has-da ýokary derejä ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalarymyza bil baglaýarys diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, diňe çäk taýdan amatly şertleri bolman, şol bir wagtda tebigy baýlyklaryň hem ägirt uly gorlaryna eýedigini belledi hem-de milli ykdysadyýeti ösdürmekde netijeli we deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iri amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky işjeňligini aýratyn belläp, häzirki günde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen raýat awiasiýasy, oba hojalygy, elektrik energetikasy, bank ulgamy babatda netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi hem-de bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin bilelikde işlemäge taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt hem-de abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasynds diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýola goýuldy. 

2022