Türkmenistan-Ýaponiýa: “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň üstünligi bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Ýaponiýa: “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň üstünligi bellenildi
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida (Surat: “The Japan Times”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy ýurtlarymyzyň "Merkezi Aziýa+Ýaponiýa" dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler hem-de dialogyň özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik döredýändigini bellediler. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berdi.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda öňde goýlan wezipeleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýandyklary nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, geljekde-de ýapon kompaniýalarynyň Diýarymyzda netijeli işlemegine zerur goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Kumamoto şäherinde geçiriljek dördünji Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda suw serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň durnukly ösüşiň esasy kepili bolup durýandygyny nygtady. Suw meselesi halkara bileleşigiň öňünde durýan möhüm meseleleriň biridir, onuň oňyn çözülmegi ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Fumio Kisida birek-birege berk jan saglyk hem-de uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik ýapon tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022