Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi şu ýylyň birinji çärýeginde Hytaýa 10,07 milliard kub metr tebigy gaz daşady. Bu barada “PipeChina West Pipeline” kompaniýasyna salgylanyp, “Xinhua” agentligi geçen anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda Hytaýa turbageçirijiniň üsti bilen 44,1 milliard kub metr tebigy gaz iberildi.
2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilen Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly şu ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli Hytaýa jemi 390 milliard kub metr gaz eksport edildi.
Umumy uzynlygy 1 müň 833 km bolan turbageçirijiniň ýyllyk kuwwatlylygy 60 milliard kub metre barabardyr.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň araçäginden gözbaş alyp gaýdýan Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi Özbegistan bilen Gazagystanyň çäklerinden geçip, Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki Horgos serhet geçelgesinde Günbatar-Gündogar gaz geçirijisi bilen birleşýär. Bu turba geçiriji Hytaýyň ilkinji transmilli gaz geçirijisidir.