Türkmenistanyň haryt biržasy elektron söwdany ösdürmek üçin internet sahypasyny döretdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň haryt biržasy elektron söwdany ösdürmek üçin internet sahypasyny döretdi
Tmex.gov.tm salgyly internet sahypasynda söwdalar we kotirowkalar barada dessine maglumat alyp bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇMB) elektron söwdany giňeltmek we brokerleri goşmaça maglumatlar bilen üpjün etmek üçin täze internet sahypasyny döretdi. Bu barada birža salgylanyp, “Orient” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Tmex.gov.tm salgyly internet sahypasynda söwdalar we kotirowkalar barada dessine maglumat alyp bolýar. Şeýle hem, ulanyjylara seljermeler we beýleki derwaýys maglumatlar iberilip durlar. Häzirki wagtda ähli isleg bildirýänler internet sahypada tölegsiz esasda hasabyny resmileşdirip bilerler.

Bu platformada birža söwdalary barada bildiriş goýup we türkmen öndürijileriň harytlaryny sargyt edip bolar. Her bir ulanyjy hem satyjy, hem alyjy hökmünde çykyş edip biler.

Saýtda nebithimiýa, gurluşyk, ýeňil senagat, oba hojalyk, maşyn gurluşyk, hyzmatlar, azyk, elektronika, dokma we mebel önümleri ýaly dürli ugurlar boýunça zerur bolan harytlary ýeňillik bilen tapyp bolýar.

TDHÇMB döwlet edarasy bolup, onuň esasy wezipesi ýurduň içinde eksport-import işlerini kadalaşdyrmakdan ybaratdyr.

2022