Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda kanuna gol çekdi. Täze kanun ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde sişenbe güni çap edildi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistan 1958-nji ýylyň 10-njy iýunynda Nýu-Ýork şäherinde kabul edilen konwensiýasyna şu aşakdaky şertleri beýan etmek bilen goşulýar:
Türkmenistan diňe agza döwletiň çäginde kabul edilen arbitraž çözgütleriniň ykrar edilmegini we ýerine ýetirilmegini üpjün eder;
Türkmenistan Konwensiýany diňe milli kanunçylyga laýyklykda täjirçilik jedeller diýlip hasaplanýan jedeller babatynda ulanar;
Türkmenistan Konwensiýany diňe özi üçin güýje girenden soň çykarylan kazyýet kararlary babatynda ulanar.
Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa başgaça “Nýu-Ýork arbitraž konwensiýasy” ýa-da “Nýu-Ýork konwensiýasy” hökmünde giňden tanalyp, halkara arbitražda iň möhüm resminamalaryň biridir. Konwensiýa daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek, şeýle hem işi arbitraža geçirmek babatda ulanylýar.
Häzirki wagta çenli bu Konwensiýa 169 döwlet goşuldy.