Orazmyrat Gurbannazarow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy. Bu baradaky Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýewiň üstüne ýüklenildi.
Prezidentimiziň gol çeken resminamalary sişenbe güni “Watan habarlary” gepleşiginde mälim edildi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi döwlet dolandyryş edarasy bolup, ministirlik öz esasy wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ilata edilýän söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň guralyşyny kämilleşdirmek, halk hojalygyny maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, halkara ylalaşyklara laýyklykda, daşary ýurt bazarlarynda Türkmenistanyň döwlet bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça iş alyp barýar.
Ministrligiň düzümine 107 sany bazar we 2 müň 620 sany dürli görnüşli söwda nokatlary, 40-dan gowrak restoranlar, 400-den gowrak kafelar we 1 müň 200-den gowrak mekdep naharhanalary girýär. Türkmenistanyň birnäçe döwletlerde “Söwda öýleri” hem bardyr.