Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy barada düşünje

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy barada düşünje
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy salgyt salmagyň ähliumumylygyny we deňligini ykrar etmäge esaslanýar.

“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanuny Türkmenistanyň Döwlet býujetine alynýan salgytlaryň ulgamyny, salgyt salmagyň umumy ýörelgelerini, salgytlary tölemek boýunça borçlaryň ýüze çykmagynyň (üýtgemegini, bes edilmegini) esaslaryny we ýerine ýetirmegiň tertibini, salgyt töleýjileriň, salgyt edaralarynyň hukuklaryny we borçlaryny, salgyt gözegçiliginiň görnüşlerini we usullaryny, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçiligi, salgyt edaralarynyň çözgütlerinden we olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerinden şikaýat etmek hukugyny belleýär.

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy salgyt salmagyň ähliumumylygyny we deňligini ykrar etmäge esaslanýar.

Bitewi Kanunda bellenen salgytlar babatynda salgyt töleýji diýlip ykrar edilýän her bir tarap olary tölemäge borçludyr.

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň täze salgytlaryny belleýän, salgyt möçberlerini ýokarlandyrýan ýa-da başga bir görnüşde salgyt töleýjiniň, salgyt ýumuşçysynyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan salgyt hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligi güýçlendirýän namalarynyň gaýdymlaýyn güýji ýokdur.

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň salgytlary ýatyrýan, salgyt möçberlerini azaldýan ýa-da başga bir görnüşde salgyt töleýjiniň, salgyt ýumuşçysynyň ýagdaýyny gowulaşdyrýan, salgyt hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän namalarynyň, eger-de bu şu namalarda göni göz öňünde tutulan bolsa, gaýdymlaýyn güýji bardyr.

Salgyt we onuň alamatlary

Salgyt – döwlet işini maliýe taýdan üpjün etmek maksady bilen, döwlet tarapyndan bellenýän we edara görnüşli we şahsy taraplardan alynýan, Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowuşýan hökmany, hususy muzdsyz tölegdir.

Salgyt aşakdaky alamatlaryň bolmagy bilen kesgitlenýär:

  • salgyt töleýjileriň topary;
  • salgyt salynýan binýat;
  • salgyt özeni;
  • salgyt möçberi (möçberleri);
  • salgydy hasaplamagyň we tölemegiň möhletleri we tertibi.

Salgyt bellenende hasabat (salgyt) döwri kesgitlenip, şeýle hem salgyt ýeňillikleri salgyt töleýjiniň olary ulanmagy üçin esaslar göz öňünde tutulyp bilner.

“Salgytlar hakynda” TürkmenistanyňbitewiKanunynda bellenen salgytlar Türkmenistanyň ähli çäginde hereket edýärler.

Paçlar we ýygymlar salgytlaryň aýratyn görnüşi hökmünde ykrar edilýär we olarda salgydyň käbir alamatlary bolman biler.

Ylalaşyklara ýa-da raýat-hukuk häsiýetli gatnaşyklara laýyklykda tölenýän tölegler, goýumlar we beýleki tölegler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jerimeler hem-de gaýry çäreler görnüşindäki tölegler salgyt diýlip ykrar edilmeýär.

Salgytlaryň hasaplanýan we tölenýän pul birligi

Eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda salgytlar Türkmenistanyň milli pulunda hasaplanýar we tölenýär.

Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar tarapyndan, şol sanda salgyt ýumuşçylarynyň üsti bilen salgytlary tölemek daşary ýurt (erkin ýörgünli) pulunda amala aşyrylyp bilner.

Salgyt salmak maksady bilen, daşary ýurt pulunda geçirilýän islendik amallar, amallaryň geçirilýän gününde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bellän resmi hümmeti boýunça, resmi hümmeti bellenmedik daşary ýurt pullary bolsa, eger “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi Kanunynda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, ABŞ-nyň dollary babatynda kross – hümmet boýunça Türkmenistanyň milli puluna hasaplanýar.

“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi Kanuny bilen tassyklanylyp güýje girizilen şu Bitewi Kanunyň şu aşakdaky maddalaryna 17.04.2022-nji ýyldan goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi: 

27-nji, 29-nji, 52-nji, 53-nji maddasynyň degişli sözlerine, 106, 122, 143, 187, 207, 210, 217, 224-nji maddalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi.

Girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler “Türkmenistan” gazetiniň 20.04.2022-nji ýyldaky №100 (30366) sanynda dolulygyna çap edilen.

 

2022