Owganystanyň baş diplomaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanyň baş diplomaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen duşuşdy
Ministr Muttaki Owganystan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, täze mümkinçilikleriň tutuş sebitiň bähbidine ulanylmalydygyny aýtdy. (Surat: Owganystanyň Daşary işler ministrligi)

Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttaki penşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri hem-de wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Abdul Kahar Balhi öz “Twitter” hasabynda mälim etdi.

“Duşuşyga Özbegistanyň we Gazagystanyň Kabuldaky ilçileri, şeýle hem Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri gatnaşdylar” diýip, Balhi aýtdy.

Ministr Muttaki Owganystan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklara, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, täze mümkinçilikleriň tutuş sebitiň bähbidine ulanylmalydygyny aýtdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri öz gezeginde söwda, üstaşyr, demir ýol we energiýa üstaşyr ugurlarynda Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň hem-de gatnaşygyň möhümdigini nygtadylar.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekiliniň bellemegine görä, taraplar aýratyn meseleler boýunça pikir alyşdylar we sebitiň gülläp ösüşine gönükdirilen amaly çäreleri görmek üçin bilelikdäki tagallalary maslahatlaşdylar.

Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagy bilen, energiýa, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi hem-de optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle hem täze demir ýollaryň gurluşygy ýaly halkara infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýär. 

2022