Aprel IV hepde: eksport geleşikleri $17,6 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aprel IV hepde: eksport geleşikleri $17,6 milliondan geçdi
Russiýanyň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 17 million 654 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen polipropileni satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzin Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, buýan köküni, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 37 million 509 müň manatdan gowrak TNGIZT-da öndürilen motor ýagyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we ýokary dykyzlykdaky polietileni hem-de el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

2022