Rustam Minnihanow: Tatarystanyň telekeçileri türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmak isleýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rustam Minnihanow: Tatarystanyň telekeçileri türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmak isleýärler
Tatarystanyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Onuň dowamynda Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Prezident Rustam Minnihanow mümkinçilikden peýdalanyp, Döwlet Baştutanymyzy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene bir gezek gutlap, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de behişdi bedewleriň şöhratyna şaýatlyk edýän dabaralara gatnaşmaga örän şatdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Russiýanyň iri sebitleri we senagat merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň soňky ýyllarda sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda uly tejribe toplandygyny belläp, Türkmenistanyň häzirki zaman tehnologiýalary ulgamynda bu öňdebaryjy tejribäni peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. 

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň Tatarystany ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz bu saparyň türkmen-tatar dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň üýtgewsizdigini tassykladylar hem-de doganlyk türkmen we tatar halklaryna parahatçylyk, bagt, abadançylyk arzuw etdiler.

2022