Serdar Berdimuhamedow: suwa elýeterliligi üpjün etmek ähli döwletleriň jogapkärçiligidir

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow: suwa elýeterliligi üpjün etmek ähli döwletleriň jogapkärçiligidir
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň ählisine netijeli işlemegi arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen dördünji Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň häzirki döwürde ählumumy ösüşiň we ilerlemegiň iň kuwwatly sebitleriniň biri hökmünde çykyş edýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Şoňa görä-de, degişlilikde, sebitiň döwletleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Bu döwletleriň dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamak hem-de peýdalanmak meselesine çemeleşmeleri umumy halkara durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde görülýär. Milli, sebit derejesinde durmuş-ykdysady taslamalar hem-de maksatnamalar amala aşyrylanda, bähbitleriň köptaraplaýyn hasaba alynmagyna, oýlanyşykly deňeçerlige we zelelleri azaltmaga esaslanýar” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda bilelikdäki işiň esasy şertiniň suw serişdelerine deň hem-de adalatly elýeterlilik ýörelgesine gürrüňsiz eýerilmelidigine, onuň adamyň esasy hukuklary hökmünde ykrar edilmeginiň wajyplygyny belledi.

“Hut suwa elýeterlilik hukugynyň üpjün edilmegi we munuň üçin jogapkärçilik ähli döwletler üçin borja öwrülmelidir” diýip, Döwlet Baştutanymyz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň suw meselesi boýunça dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy (BMG) bilen maksatnamalaýyn resminamalar esasynda ysnyşykly hem-de yzygiderli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. “Bu resminamalar BMG-niň 2012-nji ýyldaky “Rio+20” maslahatynda, 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, 2018-nji ýylda ýokary derejede guralan Duşenbe halkara maslahatynda we beýleki möhüm forumlarda kabul edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanan hem-de 19 ýurduň awtordaşlygynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasy suw meselesinde Merkezi Aziýa üçin halkara meýilnamalary amala aşyrmagyň möhüm guraly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Biziň bu ugurdaky garaýşymyz düýpli we yzygiderlidir diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistan suw-energetika meseleleri, birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen; üçünjiden, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidir diýip hasap etdi we hasap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de bu ýörelgeleriň umumy häsiýete eýedigine, halkara bileleşigiň suw meselesine çemeleşmelerinde ulanarlyklydygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda foruma gatnaşyjylaryň ählisine netijeli işlemegi arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022