Türkmenistan Ukraina ynsanperwer kömegini ugradar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Ukraina ynsanperwer kömegini ugradar
Ynsanperwer kömegi Türkmenistanyň lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar.

Türkmenistan şu ýylyň aprel aýynda Ukrainanyň halkyna ynsanperwer kömegini ugradar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Ynsanperwer kömegi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar.

Türkmenistan daşary ýurtlara ynsanperwer kömegini yzygiderli ugradýar. Mälim bolşy ýaly, ozal Owganystana, Russiýa we Türkiýä ynsanperwer kömekleri ugradyldy.

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy.

2022