Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Goranmak ministrini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Goranmak ministrini kabul etdi
Duşuşykda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi. (Surat: Hytaýyň Goranmak minstrligi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Döwlet Geňeşiniň agzasy, Goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.  Weý Fenhe Döwlet Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen hem gutlady we jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berildi.

Hytaý kompaniýalarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan ägirt uly döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Goranyş häsiýetine eýe bolan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün edýän Harby doktrina hut şu maksatlara kybap gelýär.

Şunda Hytaýyň ýurdumyzyň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmeginiň, şeýle hem türkmen tarapynyň oňyn başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagynyň möhüm şerti bolan Bitaraplyk derejesine çuňňur hormat goýýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, Goranmak ministri Weý Fenhe döwrüň synagyndan geçen döwletara gatnaşyklaryň dünýäde abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

2022