Türkmenistan bilen Özbegistan senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge garady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistan senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge garady
Resmiler iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň görkezijileriniň ösüşine ünsi çekdiler. (Surat: Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrligi)

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Baýmyrat Annamämmedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen Daşkent şäherinde penşenbe güni duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda taraplar ýurtlaryň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurtdaky önümçilik desgalarynyň gatnaşmagynda goşmaça bahaly harytlaryň önümçilik zynjyrlaryny döretmek boýunça çärelere seredilip geçildi. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Özbegistanyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlik artykmaçlyklary esasynda kesgitlenen täze geljegi uly ugurlarda senagat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin teklipler öňe sürüldi.

Şeýle hem, resmiler iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň görkezijileriniň ösüşine ünsi çekdiler we mundan beýläk-de olaryň ösüşi üçin bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegi beýan etdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä, soňky dört ýylyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy bäş esse artdy. 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 65% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen ýokary derejeli çäreleriň netijesinde gol çekilen birnäçe söwda şertnamalary häzirki wagtda durmuşa geçirilýär.

Mundan başga-da, ýygnagyň dowamynda sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mehanizmlerine garaldy. Taraplar täze senagat hyzmatdaşlygy taslamalaryny we söwda şertnamalaryny ösdürmek üçin iki ýurduň sebitleriniň administrasiýalarynyň utgaşdyrylyşyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Azyk howpsuzlygy pudagynda tejribe alyşmak üçin Özbegistanyň we Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de bölümleriniň wekiliýetleriniň saparlaryny guramak üçin özara taýýarlyk bildirildi.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde 186 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022