Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Wise-premýer Çarymyrat Purçekow gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler, onuň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimize Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýerleşýän ýeriniň we umumy görnüşiniň çyzgysy görkezildi. Bu desgany gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi.
Soňra türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan nusgawy şahyrymyzyň heýkeli barada düşünje berýän taslamalar görkezildi. Tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň setirlerini baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz medeni-seýilgäh toplumyndaky işler bilen tanşyp, ony abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meselelere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de toplumyň giň çäkleriniň ýanaşyk ýerleriniň arassaçylygyny saklamaga degişli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Şeýle-de Döwlet Baştutanymyza Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän çüwdürimli we heýkelli toplumyň durkunyň täzelenilmeginiň teklip edilýän görnüşi görkezildi.