HPG: Nebit eksportçylary 2022-nji ýylda $818 milliard girdeji alarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
HPG: Nebit eksportçylary 2022-nji ýylda $818 milliard girdeji alarlar
Şu ýyl nebitiň bir barreliniň bahasynyň ortaça 106,83 ABŞ dollaryna we 2023-nji ýylda 92,63 ABŞ dollaryna barabar boljakdygy çaklanylýar. (Surat: AP)

Halkara Pul Gaznasy (HPG) 2022-nji ýylda Ýakyn Gündogaryň we Merkezi Aziýanyň nebit eksport ediji ýurtlarynyň gazanjak girdejileri baradaky çaklamasyny ýokarlandyrdy we olaryň ykdysadyýetini energiýa bahalarynyň ýokarlanmagyna hem-de çökmegine durnuklylygy gazanmak üçin çärelere çagyrdy.

Guramanyň çarşenbe güni çap eden sebitleýin çaklamasyna salgylanyp, “Bloomerg” agentliginiň habar bermegine görä, sebitdäki nebit girdejisi şu ýyl 818 milliard ABŞ dollaryna barabar bolar. Bu bolsa HPG-nyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndaky çaklamasyndan 320 milliard ABŞ dollary ýokarydyr.

HPG Birleşen Arap Emirliklerinden Türkmenistana çenli jemi 13 sany nebit eksportçysyny öz içine alýan sebitde nebitden geljek duýdansyz girdejileriň gelmegi “maliýe we daşarky söwda balansynyň ýokarlandyrmagyna” garaşýandygyny mälim etdi. Şu ýyl nebitiň bir barreliniň bahasynyň ortaça 106,83 ABŞ dollaryna we 2023-nji ýylda 92,63 ABŞ dollaryna barabar boljakdygy çaklanylýar.

Waşingtondaky gaznanyň çaklamalaryna görä, sebitdäki resmi ätiýaçlyklar şu ýyl 1,3 trillion ABŞ dollaryna barabar bolar. Bu bolsa gaznanyň oktýabr aýyndaky çaklamasyndan takmynan 235 milliard ABŞ dollary ýokarydyr.

HPG-nyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Jihad Azur öz beýanatynda nebitden geljek duýdansyz girdejileriň “maliýe bazarlaryny, şeýle hem ykdysadyýete goşmaça göni maýa goýumlaryny işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikdigini” aýtdy.

Bu hem öz gezeginde diwersifikasiýany çaltlaşdyrmaga we ýuwaş-ýuwaşdan nebite garaşly bolmadyk ösüşi döretmäge ýardam berer diýip, Jihad Azur belledi.

Halkara pul gaznasy 1944-nji ýylda döredilip, oňa 190 ýurt agza bolup durýar. HPG ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar we durmuşa geçirilýän makroykdysady ähmiýetli özgertmeleri goldamak üçin tehniki kömegi berýär.

2022