Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça komitet döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça komitet döredildi
Täze welaýat merkezinde guruljak desgalaryň hatarynda edara binalary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bardyr.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu baradaky Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnamanyň, komitetiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny, komitetiň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini, komitetiň merkezi edarasynyň işgär sanynyň möçberini we degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutanymyz Derýageldi Nuryýewiç Orazowy Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belledi.

Täze welaýat merkezinde guruljak desgalaryň hatarynda 12 müň 324 maşgala niýetlenen 2, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bardyr. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022