Şu ýyl Türkmenistanda 82 müň tonnadan gowrak şaly hasyly ýygnalar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Şu ýyl Türkmenistanda 82 müň tonnadan gowrak şaly hasyly ýygnalar
Degişli edaralara önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak tabşyryldy.

Şu ýyl Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekilip, ondan 82 müň 400 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Bu baradaky degişli resminama, ýagny “Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Karara laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe degişli tehnologiýalary hem-de täzeçil çemeleşmeleri peýdalanmak arkaly meýdanlary şaly ekişine talabalaýyk taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022