Bäherden tikin fabriginiň açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülmegine garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bäherden tikin fabriginiň açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülmegine garaşylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dokma kärhanalarynyň ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmeligini belledi.

Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden tikin fabrigini hususy kärhananyň gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek teklip edilýär.

Bu baradaky teklibi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çary Gylyjow Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hödürledi.

Wise-premýeriň teklibine görä, täze açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 40% hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň 60% möçberli paýly gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ç.Gylyjow bu taslamanyň amala aşyrylmagy önümleriň hilini gowulandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, olaryň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilmegini ýokarlandyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam etjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak baradaky wezipeleriň wajypdygyny nygtady. Dokma kärhanalary ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmelidir diýip, Döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet eýeçiligini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy eýeçiligiň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022