Raşid Meredow Abu-Dabide birnäçe duşuşyklary geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raşid Meredow Abu-Dabide birnäçe duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy (Surat: "Emirates News Agency”)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň şenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherine sapar bilen gitdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Yzygiderli esasda geçirilýän ýokary derejeli gepleşikleriň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn özara hereketleriniň ösdürilmegine itergi berýändigi nygtaldy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar. Hususan-da, taraplar maýa goýum we maliýe-bank ulgamlarynda hyzmatdaş özara hereketlerini giňeltmek meselelerine garadylar.

Mundan başga-da, ministr Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem duşuşyk geçirdi.

Ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini nygtamak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigi bellenildi. Şeýle-de ýokary derejedäki özara hereketleriň döwletara gatnaşyklarynyň has hem ilerledilmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýyslygyny bellediler. Halkara guramalarynyň, şol sanda BMG, YHG we beýlekileriň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn ähmiýet berildi hem-de bu düzümlerde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň wajyplygy beýan edildi.

Häzirki döwrüň wehimleri we howplary barada gürrüň etmek etmek bilen, taraplar global pandemiýa garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň aýratyn wajyplygyny bellediler.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Öň gol çekilen resminamalaryň we gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn döwür içinde durmuşa geçirilmegi babatynda işjeň pikirler alyşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işjeň häsiýete eýe bolan hereketiniň goldanylmagy baradaky pikiri orta atdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022