Türkmen banky söwdany daşary ýurt walýutasynda maliýeleşdirmek boýunça bäsleşik geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banky söwdany daşary ýurt walýutasynda maliýeleşdirmek boýunça bäsleşik geçirýär
Alnan serişdeler Türkmenistandan eksporta niýetlenen harytlary öndürmek üçin çig mallary we maddy serişdeleri satyn almak üçin ulanylyp bilner.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasynyň (ITFC) söwdany maliýeleşdirmek boýunça serişdeleriniň hasabyna daşary ýurt walýutasynda hususy pudagyň eksporta niýetlenen taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin bäsleşik yglan edýändigini mälim etdi. 

Alnan serişdeler Türkmenistandan eksporta niýetlenen harytlary öndürmek  üçin çig mallary we maddy serişdeleri satyn almak üçin ulanylyp bilner.

Bäsleşigiň hökmany şertleri çig mallary we maddy serişdeleri göniden-göni öndürijileriň özünden ýa-da olaryň resmi wekillerinden satyn almalydygyny görkezýär. Şeýle hem, kompaniýalar maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly bankyň hukuk we beýleki çykdajylaryň öwezini dolmaly bolarlar.

Bäsleşigiň esasy şertleri:

  • Maliýeleşdirilişiň möhleti – ulanylan serişdeleriň gününden başlap 2 ýylyň dowamynda; 
  • ITFC söwda göterimi –  ýyllyk 4,15%;
  • bankyň maržasy – ýyllyk 2%-e çenli;
  • iň ýokary möçberi – 5 000 000 ABŞ dollary;
  • maliýeleşdirilen serişdeleriň gaýtarylmagy bir gezekde maliýeleşdirilişiň möhleti gutarandan soň ýa-da tertip boýunça tölenip biler (ilkinji töleg ulanylan seneden beýläk 360 günden).

Bäsleşige gatnaşmak üçin maliýeleşdirmek boýunça arzany, işewürlik-meýilnamasyny, maliýe hasabatlaryny, iş tejribesini we beýleki zerur bolup biljek maglumatlary tabşyrmaly.

Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Halkara Yslam Korporasiýasy (ITFC) geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň hökümeti bilen 150 million ABŞ dollarlyk Çarçuwaly ylalaşyga gol çekdi. ITFC bu ylalaşygyň möhüm harytlary import etmekde we Türkmenistanyň oba hojalygyna hem-de dokma pudagyna goldaw bermekde söwdany maliýeleşdirmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öz içine alýandygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022