YHÖG Türkmenistanda eksporty ösdürmek boýunça seminarlar geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
YHÖG Türkmenistanda eksporty ösdürmek boýunça seminarlar geçirer
YHÖG ykdysady ösüşi we dünýä söwdasyny höweslendirmek üçin 1961-nji ýylda döredilen hökümetara guramadyr.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) Türkmenistanda işewürlik, maýa goýumlary we eksporty ösdürmek üçin kanuny gurşawy kämilleşdirmegi maksat edinýär. Bu barada YHÖG-e salgylanyp, “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi. 

“YHÖG maýa goýumlary we eksporty höweslendirmek syýasatlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe seminarlary geçirmegi, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada işewürlik üçin kanuny gurşawyny kämilleşdirmek taslamasynyň gözegçilik tapgyryna başlamagy meýilleşdirýär. Bu, esasanam, iki ýyl ozalky teklipleri täzeläp başlamak üçin seminary öz içine alýar” diýip guramanyň wekili aýtdy.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan YHÖG bilen has işjeň hyzmatdaşlyk edýär we bäsdeşlik ukybyna hem-de hususy pudagyň ösüşine aýratyn üns berýär. Geljekde işewürlik üçin kanuny gurşawy kämilleşdirmek we söwdany ösdürmek üçin bilelikdäki iş meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, YHÖG Türkmenistanyň geljekde söwda we ulag aragatnaşygyny ösdürmek üçin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işe goşulyp biljekdigine ynanýar.

YHÖG ykdysady ösüşi we dünýä söwdasyny höweslendirmek üçin 1961-nji ýylda döredilen hökümetara guramadyr. Oňa häzirki wagtda 38 sany döwlet agza bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022