Türkmenistanda uglewodorodyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça konferensiýa geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda uglewodorodyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça konferensiýa geçiriler
Forumda uglewodorod öndürmekde we baglanyşykly gaz zyňyndylaryny azaltmakda innowasiýa tehnologiýalary we nou-haular ara alnyp maslahatlaşylar.

Şu ýylyň 23-nji iýunynda Aşgabatda uglewodorod önümçiliginiň daşky gurşaw zyňyndylaryny azaltmak boýunça, şol sanda Derweze gaz krateriniň çözgütleri ýaly halkara ylmy konferensiýa geçiriler.

Çäre “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konsernleri tarapyndan “Turkmen Forum” we “GaffneyCline” kompaniýalary bilen bilelikde gurnalýar.

“Turkmen Forumyň” resmi saýtynda habar berlişi ýaly, halkara ylmy konferensiýa daşky gurşawa zyňyndylary azaltmagyň ähli taraplary we ýaşyl energiýa tehnologiýalary boýunça tejribe hem-de gözleg netijelerini paýlaşmak üçin öňdebaryjy bilermenleri, gözlegçileri we energiýa pudagyndaky hünärmenleri birleşdirmek üçin geçirilýär.

Forumda uglewodorod öndürmekde we baglanyşykly gaz zyňyndylaryny azaltmakda innowasiýa tehnologiýalary we nou-haular, täze döwürdäki energiýa taslamalary, Derweze gaz krateriniň mümkin bolan çözgütleri, halkara tejribe we başlangyçlar, bar bolan tehniki goldaw ugurlary hem-de täze meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahata Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet guramalarynyň wekilleriniň, öňdebaryjy halkara guramalarynyň, şeýle hem iri halkara maliýe guramalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu çäre adaty we onlaýn görnüşde geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022