Türkmenistanyň Prezidenti korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegi tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmegi tabşyrdy
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna korrupsiýa garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek we bu baradaky milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak barada birnäçe görkezmeleri berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Baş prokuror Batyr Atdaýewiň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly ýol berlen jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri barada beren hasabatyny diňläp, Döwlet Baştutanymyz bu babatda Baş prokurora anyk tabşyryklary berdi.

“Jemgyýetimizde bular ýaly jenaýatkär adamlara hiç haçan orun bolmaz! Halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň haky ýokdur” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy geljekde-de halkyň we döwletiň emlägine göz gyzdyryp, haramlyk edýän şular ýaly jenaýatkärlere garşy göreşiň alnyp baryljakdygyny, korrupsiýanyň we parahorlugyň köki-damary bilen soňuna çykmak boýunça ähli zerur çäreleriň görüljekdigini ýene-de bir gezek ýatlatdy.

“Biz döwletiň, halkyň, il-günüň emlägine göz dikip, haram ýollar bilen baýamaga synanyşýan jenaýatkärlere hiç haçan göz ýumup bilmeris” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýolbaşçylyk edýän edaralaryny ösdürmek boýunça 2022-2028-nji ýyllar üçin 7 ýyllyk meýilnamalaryň taslamalarynyň gysga wagtyň içinde işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmegi we olary bellenen tertipde tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022