USAID bilen TSTB Türkmenistanda galyndylary kämil dolandyrmakda goldaw berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID bilen TSTB Türkmenistanda galyndylary kämil dolandyrmakda goldaw berýär
Täze mehanizmiň şäher galyndylaryny arassalaýan kärhanalaryň işiniň ýeňilleşdirmegine garaşylýar.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) bilen hyzmatdaşlykda anna güni Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde galyndylary galyndylary kämil dolandyrmak (gaýtadan işlemek) boýunça okuw-maslahatlaryň we forumlaryň dördüsinden ybarat bolan çäreler tapgyryny tamamlady.

Ol okuw maslahatlaryna milli hünärmenler, döwlet işgärleri, jemgyýetçilik birleşikleri, şeýle-hem galyndylary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan telekeçiler gatnaşdylar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň anna güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Türkmenistanyň hökümetiniň galyndylary azaltmak, olaryň gaýtadan işlenilmegini ýokarlandyrmak, rejelemek we täzeden ulanyşa girizmek mehanizmlerini ösdürmek boýunça ileri tutýan ugurlaryny goldamak maksady bilen, USAID ýerli häkimiýet edaralarynyň, raýat jemgyýetiniň we ýerli telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze usullary boýunça strategiki pikir alyşmalary geçirdi.

Geçirilen okuw-maslahaty ýerli häkimiýetler bilen ýerli telekeçileriň arasynda täze hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini döretmek üçin strategik meýilnamalaşdyrylyşa bagyşlandy. Bu mehanizmleriň bolsa öz gezeginde galyndylary rejelemek we täzeden ulanyşa girizmek bilen baglanyşykly işleriň kämilleşdirmegine hem-de şäher galyndylaryny arassalaýan kärhanalaryň işiniň ýeňilleşdirmegine garaşylýar.

Beýanatda bellenilişi ýaly, USAID-iň bu ugurdaky ýakynda geçiren çäreleri Türkmenistanyň bäş welaýatynda galyndylary gaýtdan işlemek infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegine ýardam berdi, şeyle-hem daşky gurşaw meseleleri barada degişli taraplaryň habarlylygyny ýokarlandyrdy. 

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda gaýtadan işlenen azyk önümlerini hem-de alkogolsyz içgileri, şeýle-de öý himiki, arassaçylyk, gözellik we saglyk serişdelerini, gaplaýyş materiallaryny we sarp ediş harytlaryny öndürijiler üçin niýetlenen eksport türgenleşikleri dowam edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022