Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi ABŞ-nyň 48 million 861 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, arassalanmadyk parafini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Hindistanyň telekeçileri bahasy 1 million 193 müň manatdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 437 müň manatdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.