Awazada dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awazada dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi döredildi
2022-nji ýylyň 15-nji maýy — 1-nji sentýabry aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek tabşyryldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Balkan welaýatynyň häkimligi hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 15-nji maýy — 1-nji sentýabry aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek tabşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Karara “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekildi.

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde 25-nji maýdan başlap ýurduň içinde howa gatnawlaryny açmagyň, ähli welaýat merkezlerinden Türkmenbaşy şäherine yzygiderli howa gatnawlaryny guramagyň zerurdygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022