FAO: aprel aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: aprel aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
Palma, günebakar we soýa ýaglarynyň dünýä bahalarynyň aşak düşmegi sebäpli, ösümlik ýagynyň bahasy aprel aýynda 5,7% peseldi. (Surat: “Hurriyetdailynews”)

Mart aýynda rekord derejä ýeten azyk önümleriniň global bahalary aprel aýynda birneme peseldi, ýöne agyr bazar şertleri sebäpli ýokary bolmagynda galýar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) geçen anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 158,5 bala ýetdi. Indeks mart aýy bilen deňeşdirilende 0,8% peseldi. Emma bu görkeziji 2021-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende takmynan 30% galdy.

“Indeksiň ujypsyz peselmegi, esasanam pes girdejili we azyk ýetmezçiligi bar bolan ýurtlar üçin köp garaşylan ýeňillikdir. Emma muňa garamazdan, azyk önümleriniň bahasy iň ýokary derejesine ýakyn bolmagynda galýar. Bu bolsa öz gezeginde bazaryň yzygiderli ýetmezçiligini we ilatlaryň goragsyz gatlaklary üçin global azyk howpsuzlygyna kynçylyk döredýär” diýip, FAO-nyň baş ykdysatçysy Maksimo Torero Kallen beýanatda aýtdy.

Aprel aýynda FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň indeksi mart aýynda 17% artyp, aprel aýynda 0,7% peseldi. Mekgejöweniň bahalary 3% we bugdaýyňky 0,2% peseldi. FAO Ukrainadaky geosyýasy ýagdaýlar we ABŞ-daky ekin meýdanlarynda bökdençlikler sebäpli bugdaý bazarynyň zyýan çekendigini belledi. Şeýle-de bolsa, Hindistanyň we Russiýanyň bugdaý eksportynyň ýokary bolmagy onuň dünýäde bahalaryň has artmagynyň öňüni aldy.

Palma, günebakar we soýa ýaglarynyň dünýä bahalarynyň aşak düşmegi sebäpli, ösümlik ýagynyň bahasy aprel aýynda 5,7% peseldi. Emma, raps ýagynyň bahasy geçen aý ýokarlandy.

Şekeriň bahasy 3,3%, etiň bahasy 2,2% we süýt önümleriniň indeksi 0,9% ýokarlandy.

FAO 2022-nji ýylda dünýädäki galla önümçiligi boýunça täze çaklamasyny hem paýlaşdy. Çaklama görä, şu ýyl dünýäde takmynan 782 million tonna bugdaý öndüriler. FAO geçen aýdaky neşirinde dünýäde takmynan 784 million tonna bugdaýyň öndüriljekdigini çaklapdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022