Türkmenistan bilen Azerbaýjan işewür forumlary guramagyň ugrunda çykyş etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Azerbaýjan işewür forumlary guramagyň ugrunda çykyş etdi
Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabada resmi sapar bilen gelen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Onuň barşynda taraplar iki ýurduň telekeçileriniň işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini üpjün etmegiň, bilelikdäki işewür forumlary guramagyň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlaryň wekilleriniň geçirilýän yzygiderli duşuşyklara, şeýle hem olaryň bilelikdäki giň möçberli forumlara gatnaşmagynyň türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi.

Şeýle-de Mikail Çingiz ogly Jabbarow Azerbaýjanyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek we onuň geljegi barada aýdyp, täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Mundan başga-da, Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy. Taraplar iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň etdiler.

2022