Türkmenistan Ysraýyl bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Ysraýyl bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýär
Ysraýylyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bet-Iden Kaýt

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Ysraýylyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bet-Iden Kaýty kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklary hem-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Ilçi hem öz gezeginde Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Bet-Iden Kaýty Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ysraýylly diplomat döwlet Baştutanymyza mähirli sözleri üçin hoşallyk bildirip, dostlukly ysraýyl-türkmen gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1993-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy.

2022