Türkmenistanyň Prezidenti Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy wezipesine saýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy wezipesine saýlandy
Edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti 1990-njy ýylda esaslandyrylyp, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan 1993-nji ýylda hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň (MOK) Prezidentligine biragyzdan saýlandy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu baradaky karar Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň barşynda kabul edildi.

Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde MOK-nyň 2016-2021-nji ýyllar aralygynda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi.

MOK-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de milli sportumyza berýän hemmetaraplaýyn goldawy, türkmen türgenleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti 1990-njy ýylda esaslandyrylyp, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan 1993-nji ýylda hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022