Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa sapara çagyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa sapara çagyryldy
Döwlet Baştutanymyz Walentina Matwiýenkonyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşan uly goşandyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna hem-de zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi. 

Federasiýa Geňeşiniň başlygy Serdar Berdimuhamedowy Döwlet Baştutany wezipesine saýlanmagy bilen gutlap, ony Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň sapara çagyrýandygyny tassyklady. Bu barada Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Walentina Matwiýenko 2021-nji ýylda özara söwdanyň peselendigine garamazdan, şu ýylyň ýanwar-fewral aralygynda 74% ýokarlanandygyny belledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Döwlet Baştutanymyz Walentina Matwiýenkonyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşan uly goşandyny belläp, myhmany Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady. 

Mundan başga-da, Matwiýenko rus kompaniýalarynyň türkmen bazarynda işlemäge uly gyzyklanma bildirýändigini we ýurdunyň bu ugurda alnyp barylýan işleri goldaýandygyny nygtady.

Merkezi Aziýanyň geljeginiň ulydygy bellenilip, bu sebit Gündogar bilen Günbatary hem-de Günorta bilen Demirgazygy birleşdirýän ulag we energiýa köprüsi hökmünde görkezildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystanyň Parlament Senatynyň başlygy, Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň başlygy, Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň başlygy hem-de Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022