Aşgabatda penşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çäklerinde Maslahat köşgüniň uly mejlisler zalynda sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň Ýaşulular Geňeşiniň başlygy Eldar Allahýar ogly Guliýew Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy “Hormatly aksakgal” altyn ordeni bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi biragyzdan kabul edendigini habar berdi we altyn ordeni bilen degişli şahadatnamany gowşurdy.
Soňra “Azerbaýjan dünýäsi” halkara žurnalynyň esaslandyryjysy we baş redaktory, “Dede Korkut” milli gaznasynyň başlygy Eldar Ismaýyl ogly Ismaýylow Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin” milli baýrak hem-de “Ulu türk” altyn ordeni bilen sylaglamak barada karara gelnendigini habar berdi.
Şeýle-de GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Gurbanguly Berdimuhamedowy GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminama okaldy.
Gahryman Arkadagymyz bu ýokary sylaglaryň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, doganlyk halklaryň wekillerine Türkmenistanda mübärekleýändigine şatdygyny belledi we olara ýurdumyza gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.