Merkezi Aziýa-Russiýa Parlamentara forumynda Aşgabat Jarnamasy kabul edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa-Russiýa Parlamentara forumynda Aşgabat Jarnamasy kabul edildi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Aşgabadyň Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy penşenbe güni öz işini tamamlady.

Forumyň jemleýji mejlisinde plenar mejlisleriň işleriniň netijeleri jemlendi hem-de “Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Aşgabat Jarnamasy” kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Forumyň dowamynda üç ugur boýunça, ýagny “Döwlet häkimýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk”, “Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak – öňe gidişligiň ygtybarly usulydyr”, “Daşky gurşawyň abadançylygy we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebitleýin hyzmatdaşlyk” atly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022