TDHÇMB söwdalarynda suwuklandyrylan gazyň bir tonnasy $520,8-den satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB söwdalarynda suwuklandyrylan gazyň bir tonnasy $520,8-den satyldy
Önümiň bir tonnasy 520,8 ABŞ dollaryna satyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda çarşenbe güni jemi 16 sany geleşik hasaba alyndy. Suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça hasaba alnan geleşikleriň umumy bahasy 4 million 100 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Önümiň bir tonnasy 520,8 ABŞ dollaryna satyldy. Mundan ozalky geçirilen söwdalar bilen deňeşdirilende suwuklandyrylan gazyň bahasy 5,4% ýokarlandy. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni mälim etdi.

Owganystandan gelen telekeçiler bu önümiň 6,7 müň tonnasyny satyn aldylar. Özbegistanly telekeçiler 260,4 tonna suwuklandyrylan gazy satyn almak barada şertnama baglaşdylar. Şeýle şertnamalary Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri hem baglaşdylar.

Içerki bazar üçin türkmen telekeçileri 21,5 müň manatlyk el halylaryny satyn almak üçin 4 şertnama baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 48 million 861 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022