“Ak şäherim Aşgabat” atly ХXI halkara sergisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak şäherim Aşgabat” atly ХXI halkara sergisi geçiriler
Paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna bagyşlanan “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara köpugurly sergi, 2021-nji ýyl

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly ХXI köpugurly halkara sergisi geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, şu ýyl bu sergä ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, edara-kärhanalaryň, hususy ulgamyň wekilleriniň 80-den gowragy gatnaşmaga isleg bildirýärler.

Hasabatda bellenilişi ýaly, her ýyl geçirilýän halkara sergide ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň hem-de düzümleriň täze teklipleri we gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli senenamamyzyň şanly seneleriniň örän wajypdygyny aýratyn nygtap, meýilleşdirilen dabaralaryň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde, we ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022