Maý II hepde: eksport geleşikleri $29,2 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maý II hepde: eksport geleşikleri $29,2 milliona deň boldy
Daşary ýurtlaryň işewürleri TNGIZT-de hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi ABŞ-nyň 29 million 203 müň dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň hem-de Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen dizel ýangyjyny hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem, BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçilerine “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz ýerlenildi.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine boýalan tüýjümek önümler hem-de portlandsement ýerlenildi.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin TNGIZT-da öndürilen nebit koksuny, bitumy, binýatlyk ýagy, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 182 million manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

2022