Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň merhum Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň merhum Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şenbe güni Abu-Dabi şäherinde BAE-niň täze Prezidenti Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy (Surat: WAM)

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmak üçin şenbe güni Abu-Dabi şäherine sapar amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlar üçin niýetlenen kabul edişlik merkezinde BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň uly ogly Şeýh Soltan Bin Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy we merhum Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygyna öz gynanç duýgularyny beýan etdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Onuň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow merhum Prezidentiň Aşgabatdaky metjidiň, Döwletliler Köşgüniň, “Ene- mähri” merkeziniň, Halkara iç keselleri merkeziniň gurulmagynda, Arçman şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda, Maryda Çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda, şeýle hem paýtagtymyzdaky Döwletliler Köşgüne haýyr-sahawat goldawlarynyň berilmeginde aýratyn uly tagallasynyň bardygyny nygtady.

Hormatly Arkadagymyz BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň eden ýagşylyklarynyň, haýyr işleriniň hiç wagt unudylmajakdygyny belledi we Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasyna ýüzlenip, razylyk berlen ýagdaýynda merhumyň Aşgabatda gurduran metjidinde geljek annada Aşgabatda onuň belli gününi bellemekçidigini aýtdy.

Soňra hormatly Arkadagymyz Şeýh Zaýed metjidine bardy. Metjitde merhumyň hormatyna aýat okaldy.

BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly ýurtda 40 günlik ýas yglan edildi. Ýas döwründe ýurduň ähli ýerlerindäki baýdaklar aşak düşürilýär. Ýurduň ähli mekdepleri hem-de hususy we döwlet kärhanalary wagtlaýyn üç günlük işini togtatdylar.

BAE-niň Prezidenti wezipesine şenbe güni Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýan saýlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022