Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň täze Prezidenti Şeýh Mohammedi gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň täze Prezidenti Şeýh Mohammedi gutlady
Şenbe güni BAE-niň Federal Ýokary Geňeşi 61 ýaşly Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýany BAE-niň Prezidenti wezipesine saýlady. (Surat: WAM)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden  gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Biz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz öz hatynda belledi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şenbe güni BAE-niň Federal Ýokary Geňeşi 61 ýaşly Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýany BAE-niň Prezidenti wezipesine saýlady.

BAE-niň ozalky Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýan anna güni agyr kesel zerarly 73 ýaşynda aradan çykdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmak üçin şenbe güni Abu-Dabi şäherine sapar amala aşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hem Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana BAE-niň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli öz gutlaglaryny iberdi.

2022