Ýokary derejeli amerikan diplomaty: Türkmenistan-ABŞ gatnaşyklary köp ugurlarda ösýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýokary derejeli amerikan diplomaty: Türkmenistan-ABŞ gatnaşyklary köp ugurlarda ösýär
Din Tompson geçen 30 ýyldaky ABŞ-Türkmenistan gatnaşyklaryna uly baha berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň baş orunbasary Din Tompson geçen 30 ýyldaky ABŞ-Türkmenistan gatnaşyklaryna uly baha berip, olaryň howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi, işewürlik we täjirçilik ýaly köp ugurlarda ösýändigini belledi. 

“Bu diňe başlangyçdyr. Biziň ilçihanamyz Türkmenistanyň hökümeti bilen bu pudaklardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli gepleşikleri alyp barýar. Biz ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek we ykdysady ösüşi işjeňleşdirmek hem-de iki ýurtda iş orunlaryny döretmek ugrunda Türkmenistanyň hökümeti bilen işlemegimizi dowam etdireris” diýip, Din Tompson Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça Aşgabatda duşenbe güni ýerli habarçylar bilen geçiren metbugat ýygnagynda nygtady. 

Din Tompson iki ýurduň arasyndaky ileri tutulýan ugurlaryň işewürlik mümkinçiliklerini giňeltmekden we Türkmenistana daşary maýa goýumlary çekmek üçin biznes gurşawyny kämilleşdirmekden ybaratdygyny aýtdy. Şeýle hem, bu ugruň iki ýurtda iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berjekdigi bellenildi.

Şeýle hem, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň baş orunbasary Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ýoluny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Din Tompson Aşgabada amala aşyran saparyň çäklerinde Nusaýdaky gadymy taryhy ýadygärlige baryp görendigini we onuň netijesinde Ýüpek ýolunyň hem-de türkmen halkynyň rowaýata öwrülen taryhy barada täze düşünje gazanandygyny belläp geçdi.

Metbugat brifingine ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow hem gatnaşdy.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

2022