Özbegistan Aşgabatda MA-Russiýa parlamentara forumynyň sekretariatynyň döredilmegini goldaýar

BiZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan Aşgabatda MA-Russiýa parlamentara forumynyň sekretariatynyň döredilmegini goldaýar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti türkmen tarapyny Aşgabatda 12-13-nji maýda birnäçe möhüm çäreleri – Merkezi Aziýa (MA) döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumyny hem-de zenanlarynyň dialogyny üstünlikli geçirmegi bilen gutlady.

Şawkat Mirziýoýew ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagyň we parlamentara derejesinde tejribe alyşmagy giňeltmegiň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, özbek tarapy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda hemişelik sekretariatyň döredilmegi arkaly parlamentara forumynyň işine yzygiderli häsiýet bermek teklibini goldady.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar gepleşigiň barşynda iki döwletiň arasyndaky, şol sanda sebitleýin derejede netijeli parlamentara gatnaşyklarynyň ösüşini kanagtlanma bilen bellediler. 

Şeýle hem, gün tertibinde ýakyn sebitara hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we halkara guramalaryň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda parahatçylygy hem-de howpsuzlygy ösdürmek, şeýle hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikledilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen jemlendi.

2022