Türkmenistanyň günbatarynda tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy

BiZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň günbatarynda tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy
Guýy häzirki wagtda bir gije-gündiziň dowamynda 91 müň kubmetr tebigy gaz we 70 tonna nebit-kondensatynyň senagat akymyny berýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawlaýjylary Balkan welaýatynda ýerleşýän Uzynada käninde tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň täze senagat akymyny aldylar. 

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berşi ýaly, täze akym 6692-6706 metr çuňlukda tapyldy. 

Täze guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, “Gumdagnebit” nebit-gaz çykaryş müdirliginiň nebitçilerine ulanyşa berildi. Ol guýy häzirki wagtda bir gije-gündiziň dowamynda 91 müň kubmetr tebigy gaz we 70 tonna nebit-kondensatynyň senagat akymyny berýär.

 “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawlaýjylary tarapyndan şu ýylyň geçen 4 aýynda önümli guýylaryň jemi 10-sy nebitçilere ulanyşa berildi. 

Häzirki wagtda Akpatlawuk, Ekerem, Keýmir Altyguýy, Kemer, Uzynada ýaly meýdançalarynyň ýerasty gatlaklary senagat taýdan özleşdirmekde netijeli işleri alyp barýan müdirlik şu ýylyň başyndan bäri 14 müň 849 metr ýerasty çuňluk geçip, önümli guýylaryň 3-siniň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022