Eýran Ermenistan üçin türkmen gazyny alyş-çalşyk etmäge taýýar

BiZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Ermenistan üçin türkmen gazyny alyş-çalşyk etmäge taýýar
Jawad Owji Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň Ermenistana gaz eksportyny artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi. (Surat: “Shana”)

Eýranyň Nebit ministri Jawad Owji Tehranda duşenbe güni Ermenistanyň Territorial dolandyryş we infrastruktura ministri Gnel Sanosýan bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ýurdunyň Türkmenistandan Ermenistana tebigy gaz alyş-çalşygyny başlatmaga taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda Jawad Owji Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) goňşy Ermenistana gaz eksportyny artdyrmaga hem taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Eýranyň Nebit ministrliginiň “Shana” agentligi habar berdi.

Türkmenistandan Ermenistana gaz alyş-çalşygy barada gepleşikleriň başlandygyny belläp, Owji Eýranyň gaz ulgamynyň kuwwatynyň ýokarydygy göz öňüne tutulanda ýakyn wagtda bu ugurda oňyn netijelere garaşylýandygyny aýtdy.

Eýran bilen Ermenistan 2004-nji ýylda gaz we elektrik alyş-çalşygy boýunça şertnamasyna gol çekdiler. Bu 20 ýyllyk şertnama laýyklykda, Eýrandan Ermenistana gaz eksport edilýär. Ermenistan hem öz gezeginde Eýrany elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Ermenistan 2009-njy ýylyň ortalaryndan bäri Eýrandan tebigy gaz import edip gelýär.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan gaz alyş-çalşygy şertnamasyna gol çekdiler. Şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylyp başlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022