TDHÇMB söwdalarynda nah ýüplügi, polietilen we haly önümleri satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB söwdalarynda nah ýüplügi, polietilen we haly önümleri satyldy
BAE-niň telekeçileri 557,5 müň manatlyk (1 kilogramy üçin 43,75 manat) towly nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda nah ýüplügi, ýokary dykyzlykly polietileni, elde dokalan halylaryň dürli görnüşlerini satmak üçin geleşikleriň 10-sy baglaşyldy.

BAE-niň telekeçileri 174,2 müň ABŞ dollarlyk (1 kilogramy üçin 3,30 ABŞ dollary) hem-de 557,5 müň manatlyk (1 kilogramy üçin 43,75 manat) towly nah ýüplügini satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni habar berdi.

Içerki bazar üçin ýerli işewürler 16,8 million manatlyk (bir tonnasy üçin 18 müň manat) Т60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietilen we 52 müň manatlyk elde dokalan halylaryň dürli görnüşlerini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 29 million 203 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2022