Putin Türkmenistanyň Prezidentini “Dostluk” ordeni bilen sylaglady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Putin Türkmenistanyň Prezidentini “Dostluk” ordeni bilen sylaglady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen sylaglady. Bu baradaky Karar Russiýanyň kanun maglumatlary boýunça resmi internet portalynda neşir edildi.

Resminama laýyklykda, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandy üçin Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen sylaglamaly. Bu barada RIA agentligi çarşenbe güni habar berdi.

“Dostluk” ordeni bilen Russiýanyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurtly raýatlar halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi berkitmekde aýratyn üstünlikleri üçin sylaglanylýar.

“Dostluk” ordeni Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 2-nji martynda çykaran Karary bilen döredildi.

2022