Türkmen lukmanlarynyň 150-si Germaniýa iş saparyna ugradylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen lukmanlarynyň 150-si Germaniýa iş saparyna ugradylar
Türkmenistanyň lukmanlary Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin iş saparyna ugradylar.

Lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistanyň lukmanlarynyň 150-sininiň Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugradylmagy meýilleşdirilýär.

Bu barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow çarşenbe güni Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Germaniýa guraljak iş sapary saglygy goraýyş babatda ýola goýlan türkmen-german hyzmatdaşlygyny dowam etmek maksady bilen gurnalýar.

Şeýle hem, ministr merkeziň bölümlerinde bejergi alýan çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň berlişi, aýratyn-da, dogabitdi ýürek kemisligi bolan hassa çagalary operasiýa taýýarlamak we operasiýadan soňky döwürde geçirilýän dikeldiş çäreleri boýunça alnyp barylýan işler hem-de merkeziň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.

2022