Türkmenistan salgyt kanunçylygyny kämilleşdirmegiň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan salgyt kanunçylygyny kämilleşdirmegiň üstünde işleýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli salgyt syýasatynyň netijeliliginiň köp babatda döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini kesgitleýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiniň agzalary penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa milli salgyt syýasaty bilen baglanyşykly kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işler barada hasabat berdiler.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew Maliýe we ykdysadyýet toplumynyň bilermenleri bilen hyzmatdaşlykda, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyny, “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda”, “Kärhanalar hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Lizing hakynda”, “Telekeçilik işi hakynda” Kanunlary kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer Muhammetguly Muhammedow geçen anna güni geçirilen mejlisinde salgyt ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de Türkmenistanyň Salgyt kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde alnyp barylýan seljeriş işleri barada maglumat berildi, şonuň netijeleri boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli salgyt syýasatynyň netijeliliginiň köp babatda döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini kesgitleýändigini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, degişli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi we salgyt ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Salgyt kodeksiniň maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegi, üýtgetmeleri we goşmaçalary degişli düzümler bilen ylalaşmagy, doly işlenenden soňra Ministrler Kabinetine garamaga bermegi tabşyrdy.

Mejlisde başga-da birnäçe meselelere seredildi. Pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

2022