Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Russiýanyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, sammitiň geçirilýän ýeri bolan “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik çekiş güýjünde işleýän döwrebap awtobuslary ýurdumyz üçin satyn almaga gyzyklanma bildirdi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýanyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew, Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin hem gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bar bolan uly kuwwatdan has doly peýdalanmaga aýratyn üns berildi. Şeýle hem, russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda amala aşyrylýan geljegi uly taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiligine garaldy.
Günüň ikinji ýarymynda Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de türkmen tarapy Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlaryny Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Mundan başga-da Tatarystanyň Prezidentiniň Kabulhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedowa “Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklap, birek-birege hem-de iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.