TDHÇMB söwdalarynda polietilen, dizel ýangyjy we tüýjümek önümleri satyldy

BiZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB söwdalarynda polietilen, dizel ýangyjy we tüýjümek önümleri satyldy
Içerki bazar üçin ýerli işewürler 5,2 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB ) sişenbe we penşenbe güni geçirilen söwdalarynda sekiz sany geleşik baglaşyldy. Birža söwdalary çarşenbe güni baýramçylyk – Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň  gününiň bellenilmegi sebäpli geçirilmedi.

Penşenbe güni içerki bazar üçin ýerli işewürler 5,2 müň tonna Т60-475-110 görnüşli ýokary dykyzlykly polietilen satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 96,2 million manada (bir tonnasy üçin 18 müň manat) barabar boldy. Ýerli telekeçiler 35,8 müň manatlyk elde dokalan haly satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB anna güni habar berdi.

Sişenbe güni geçirilen birža söwdalarynda Owganystandan we Özbegistandan gelen telekeçiler 3,2 million ABŞ dollarlyk 4 müň tonna kükürtden arassalanan dizel ýangyjyny (bir tonnasy üçin 812,75 ABŞ dollary) satyn aldylar. BAE-niň telekeçileri 302,5 müň ABŞ dollarlyk boýalan tüýjümek önümlerini (her kg. üçin 5,50 ABŞ dollary) satyn almak üçin şertnama baglaşdylar.

Şol gün içerki bazarda hususy ulgamyň wekilleri umumy bahasy 1,2 million manatlyk T60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 70 tonnasyny (bir tonnasy üçin 18 müň manat) satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 29 million 203 müň ABŞ dollaryna deň boldy. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022