Türkmenistanda BAE-niň merhum Prezidentiniň adyna sadaka berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda BAE-niň merhum Prezidentiniň adyna sadaka berildi
Türkmenistanyň müftüsi merhumy ýatlap, onuň hormatyna doga okady.

Anna güni Aşgabatda ýerleşýän Köşi we Ahal welaýatynda ýerleşýän Gökdepe metjitlerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum Döwlet Baştutany Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýan belli gününiň sadakasy berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugtynyň habar bermegine görä, BAE-niň merhum Döwlet Baştutany jaýynyň jennet bolmagy dileg edilip, keramatly Gurhandan süreler okaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe metjidinde BAE-niň merhum Prezidentiniň belli güni sadakasyna gatnaşmak üçin gelen BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen merhumy hatyralap, sadakalaryň berilýändigini belledi. Ilçi hem öz gezeginde merhum Prezidente bildirilýän hatyra üçin öz minnetdarlygyny bildirip, munuň ynsanperwer nyşandygyny aýratyn belledi.

Gökdepe metjidinde Türkmenistanyň müftüsi merhumy ýatlap, onuň hormatyna doga okady. Gurbanguly Berdimuhamedow sadakanyň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, BAE-niň döwlet ýolbaşçylaryna tutuş türkmen halkynyň adyndan gynanjyny ýene-de bir gezek bildirendigini aýtdy.

BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly ýurtda 40 günlik ýas yglan edildi. Ýas döwründe ýurduň ähli ýerlerindäki baýdaklar aşak düşürilýär.

Geçen şenbe güni BAE-niň Prezidenti wezipesine Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýan saýlandy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmak üçin geçen şenbe güni Abu-Dabi şäherine sapar amala aşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022